ABŞ-da näsaga narkoz bermezden böwrek oturdyldy. Ol ertesi güni hassahanadan çykdy

  • 29.06.2024 14:53
  • 19k+

Çikagodaky Northwestern Medicine hassahanasynda umumy narkoz ulanylmazdan böwrek göçürmesi üstünlikli amala aşyryldy. Bu barada klinikanyň web sahypasynda habar berildi.

Iki sagatdan hem az dowam eden operasiýanyň dowamynda 28 ýaşly Jon Nikolas huşunda boldy. Näsag entek 24 sagat hem doly geçmänkä hassahanadan çykaryldy. Adatça böwregi transplantasiýa edilýän näsaglar operasiýadan soň iki-üç gün hassahanada ýatyp, onsoň çykarylýar.
Operasiýa näsagyň arkasyna urlan we ýerli narkozyň astynda, agyryny aýryjy we rahatlandyryjy derman-däriler ulanylyp geçirildi.
Jon Nikolas 16 ýaşyndan bäri Kron keseli bilen baglanyşykly ýarawsyzlykdan ejir çekýärdi. Operasiýadan öň duzly tagamlary iýmegini çäklendirmäge mejbur bolupdy, çünki artykmaç duz böwrekleriň işine ýaramaz täsir edip biljekdi. 2022-nji ýylda Çikago göçenden soň näsagyň böwreginiň ýagdaýy ýaramazlaşdy we oňa transplantasiýa etdirmek gerek boldy.
Aslynda, ilkibaşda ejesi donor bolmalydy, ýöne döşünden rak keseliniň tapylmagy  bilen, muny edip bilmedi. Şondan soň, Jonuň başlangyç synpdan bäri tanaýan dosty donor bolmaga razy boldy.
Hirurglar umumy narkozdan soň gaýra üzülmek töwekgelçiligi bolan näsaglar, akyl-huşunda meselesi bolan ýa-da ýürek-öýken keselli garry adamlar üçin munuň has amatly bolup biljekdigine ynanýarlar.


09.06.2026 23:14
5.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....