Xiaomi smartfon gutusyna zarýad beriji gurluşy salmagyny bes etdi

  • 29.06.2024 14:54
  • 9.7k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy bäsdeşleriň göreldesine eýerip, smartfonlary zarýad beriji bloklar bilen üpjün etmegini bes etdi. Bu barada Phone Arena portaly habar berýär.

Şeýle çaklama Ýewropada Redmi 13 smartfony çykanyndan soň peýda boldy, çünki toplumda zarýad beriji gurluş ýokdy. Şeýlelikde, Xiaomi-niň geljekki modelleri, aýratynam, Ýewropada çykarylýan modeller bazara zarýad berijisiz çykyp biler. Bu çemeleşme eýýäm Apple we Samsung ýaly iri kompaniýalar tarapyndan öňden bäri ulanylýar.
Şeýle çözgüt ulanyjylaryň köpüsinde zarýad beriji gurluşlaryň eýýäm bardygy üçin elektron galyndylary azaltmaga ýardam berer diýlip hasaplanýar. Mundan başga-da, toplumdan zarýad beriji gurluşy aýyrmak gajetleriň bahasyny peseldip biler.
Ýöne bilermenler bu ädimiň, aýratynam, ýakynda smartfon satyn alan we gabat gelýän zarýad berijisi bolmadyk ulanyjylar üçin oňaýsyzlyk döredip biljekdigini aýdýarlar. Bu ýagdaýda täze zarýad berijini satyn almak goşmaça çykdajylara getirer.
Häzirlikçe Xiaomi-niň özi bu mesele babatda resmi taýdan aýtmady we gurluşyň toplumyndaky üýtgeşmelere hiç hili teswir bermedi.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......