“Ýakyn” maglumat biznes portaly täze “Awaza” bölümini açdy. Onda mugt bildiriş goýup bolýar

  • 29.06.2024 14:22
  • 12k+

“Ýakyn” maglumat biznes portaly “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanan täze bölümiň goşulandygyny habar berýär. Bu bölümde ulanyjylar aşakdaky kategoriýalar boýunça ähli zerur maglumatlary tapyp bilerler:

  • Kafe: Tagamly iýip, ýakymly atmosferada dynç alyp boljak ýerler bilen tanyşmak.
  • Myhmanhana: Ähli kategoriýadaky myhmanhanalar barada maglumatlar.
  • Seýilgähler we dynç alyş ýerleri: Maşgalaň we dostlaryň bilen wagt geçirmek üçin dürli görnüşli seýilgähler we dynç alyş zolaklary.
  • Awto hyzmaty: “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda taksi hyzmatlary barada maglumat alyň.

Täze bölüm ulanyjylara “Awaza” syýahatçylyk zolagynda rahat we gowy dynç almak üçin peýdaly maglumatlary bermek maksady bilen döredildi.

Şeýle-de, “Ýakyn” platformasy ýuridiki şahslara aragatnaşyk maglumatlaryny we hyzmatlar hem teklipler baradaky maglumatlary mugt ýerleşdirmek mümkinçiligini hödürleýär.

  • Rus we türkmen dillerinde doly ady;
  • Aragatnaşyk maglumatlary we geolokasiýa barada maglumatlar;
  • Foto we wideo;
  • Iş tertibi;
  • Habarlar lentasy;

Aşakdaky tölegli hyzmatlardan hem peýdalanyp bilersiňiz:

  • Banner mahabaty;
  • Ykjam goşundylara PUSH-habarnamalaryny ibermek;
  • 360° şekilleriň kömegi bilen wirtual gezelençleri döretmek we olary platformada hem resmi web-saýtda ýerleşdirmek.

“Ýakyn” şulara mümkinçilik berer:

  • Potensial müşderileriň arasynda işiňiz barada habardarlygy ýokarlandyrmaga;
  • Siziň edaraňyza has köp myhmanlary çekmäge;
  • Müşderi hyzmatynyň derejesini ýokarlandyrmaga;
  • Satuwy ýokarlandyrmaga.

“Ýakyn” maglumat biznes portaly işewürligi ösdürmek we ulanyjylaryň rahatlygy üçin ähli zerur gurallary hödürlemäge çalyşýar.
Goşmaça maglumat almak üçin +993 61151110 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz ýa-da yakyn.biz web-saýtyna girip bilersiňiz.


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......