Hökümet mejlisinde iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada aýdyldy

  • 28.06.2024 23:29
  • 7.2k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny,  wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Iýul aýynda ýurdumyzyň kitaphanalarynda çagalar edebiýatlarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, çagalaryň arasynda çeper okaýyşlar we beýleki çäreler geçiriler.
Mundan başga-da, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini wagyz etmek maksady bilen, “Milli mirasymyz dowamat-dowam”  atly çäreler geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Çalsana, bagşy!”, “Ýaňlan, Diýarym!” we “Gülüň owadan” atly bäsleşikleri, Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....