Hyundai Ferrari-däki ýaly tizligi geçiriş görkezijileri bolan ruly patentleýär

  • 28.06.2024 21:58
  • 7.8k+

Hyundai kompaniýasy, ABŞ-da rul üçin täze tehnologiýany patentlemäge arza berdi. Onda geçirijileri üýtgetmek üçin iň amatly pursady teklip edýän görkezijileri ruluň halkasyna geçirmek teklip edilýär.

Şuňa meňzeş ulgamlar eýýäm ýaryş awtoulaglarynda we Ferrari modelleri ýaly käbir raýat superkarlarynda ulanylýar. Şeýle-de bolsa, CarBuzz-yň habar bermegine görä, Hyundai köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenen ruly patentleýär.
Hyundai her bir sport awtoulagy üçin aýratynlykda LED görkezijileri bolan rullary öndürmegi meýilleşdirmeýär. Muňa derek, kompaniýa elektrik simleri geçirmek üçin kanallar döredip, esasy ruluň dizaýnyny üýtgetmek we şular ýaly rullary yzygiderli öndürmek isleýär. Şeýlelik bilen, islän wagtyňyzda rula LED-leri oturdyp, ony üýtgedip bolar, bu bolsa has arzandyr.
Hyundai modelleriniň haýsylarynyň kämilleşdirilen ruly aljakdygy entek belli däl. Patent eskizlerinde Genesis nyşany bolan rul görkezilýär we nusga hökmünde flagman G90 sedanynyň ruly ulanylan bolmagy ähtimal. Magma setirinden bolan G90 üýtgeşme alsa, ol goşmaça görkezijiler bilen enjamlaşdyrylyp bilner.
Mundan başga-da, Hyundai şular ýaly rullary “zarýadly” elektrik awtoulaglaryna gurnap ýa-da goşmaça sazlaýjy enjamlaryň biri hökmünde hödürläp biler.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....