Xiaomi we Disney Garpamygyň äheňinde "Civi 4 Pro" smartfonyny çykardy

  • 28.06.2024 21:29
  • 3.5k+

Xiaomi Disney multfilmleriniň gahrymany Garpamykdan ruhlanan Civi 4 Pro smartfonynyň çäkli görnüşini hödürledi. Xiaominiň Weibodaky web sahypasynda habar berlişine görä, hytaý kompaniýasy Disney studiýasy bilen bilelikde taslamanyň üstünde işledi.

Xiaomi Civi 4 Pro Disney Princess Edition şa gyzynyň keşbini ýada salýan benewşe reňkde ýasaldy. Smartfonyň arka paneli ertekiniň ajaýyp ruhuny döredip, reňk öwüşginlerini üýtgedip durýar. Topluma ertekidäki ýaly “Jadyly aýnaly” daşlyk hem girýär.
Smartfonyň programma üpjünçiligi hem ertekiniň dizaýnyny aldy. Onda  brend  nyşanly, wijetli we oboýly Snow White temasy.


Tehniki aýratynlyklary boýunça Civi 4 Pro Disney Princess Edition adaty modele meňzeýär: täzeleniş tizligi 120 Hz bolan 6,55 dýuýmlyk AMOLED displeý, Snapdragon 8s Gen 3 çipset, 67 Wt çalt zarýad alýan 4700 mAh akkumulýator.
Bu seriýadaky smartfonda ilkinji gezek Leica Summilux optiki ulgamy oturdyldy. Esasy kamera 1 / 1,55 dýuýmlyk optiki formatda 50 megapikselli Light Hunter 800 datçigini öz içine alýar. Şeýle hem, smartfon 2x zumly 50 megapikselli portret kamerasyny we 15 mm ultra giň burçly linzaly 12 megapiksel kamerany aldy. Kompaniýa sosial ulgamlarda mysaly suratlaryny paýlaşdy.


düýn 23:09
1.2k+

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....

düýn 07:36
3.6k+

«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi....

16.05.2026 19:49
3.6k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

16.05.2026 11:29
1.8k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....