“Mirasdüşerleriň” awtorlary Garri Potter baradaky serialyň üstünde işleýärler

  • 28.06.2024 21:20
  • 2.3k+

HBO “Garri Potter” serialynyň döredijilerini kesgitledi. Şouranner wezipesini Françeska Gardiner (“Mirasdüşerler”, “Наследники”) ýerine ýetirer, birnäçe bölümiň prodýuseri we režissýory hökmünde Mark Maýlod (“Menýu”) çykyş eder.

Gardiner eýelän wezipesi ugrundaky göreşde Tom Morandan we Ketlin Jordandan üstün çykdy. 
Maýlod bolsa “Mirasdüşerler” filmine režissýorlygy üçin “Emmi” baýragyny alypdy.
Baş keşpleri ýerine ýetirijiler heniz belli däl. Ýedi möwsümiň her biri J.K.Roulingiň ýaş jadygöý baradaky aýratyn kitabynyň ekranlaşdyrylmasy bolar. Täze “Garri Potteriň” relizi 2026-njy ýylda bolar.
Ilkinji gezek Garri Potter baradaky serial 2023-nji ýylyň aprel aýynda anons edildi. Ol ilki Max strimingi üçin meýilleşdirilipdi, ýöne akym hyzmatynyň strategiýasy we brendingi üýtgänden soň şou HBO-nyň original taslamasy bolar.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......