Windows 11-iň soňky täzelenmesi kompýuteriň işinde bökdençlik döredýär

  • 28.06.2024 12:25
  • 2.2k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy we ol kompýuterleriň işinde bökdençlige sebäp bolýar.

Windows 11 ulanyjylarynyň köpüsi 2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda çykan KB5039302 täzelenmesini gurnandan soň düýpli meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Apdeýtden soň olaryň kompýuterleri tükeniksiz “gaýtadan işe girizmeler” (перезагрузка) prosesine düşdi, bu hem kompýuteriň ulanylmagyny mümkin däl ýagdaýa getirdi. Microsoft bu näsazlygy tassyklady we onuň Windows 11 22H2 we 23H2 wersiýaly sistemalara täsir edýändigini aýtdy.

Kompaniýa meseleli täzelenmäni ýaýratmagyny togtatdy, ýöne heniz çözgüt tapmady.

Näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan ulanyjylara KB5039302 täzelenmesini wagtlaýyn aýyrmak maslahat berilýär.

Microsoft düzedişiň haçan çykjakdygyny aýtmady.


29.01.2026 02:06
1.8k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar...

26.01.2026 17:41
2.1k+

Windows 11-iň täze çykan täzelenmesi «gara ekrana» sebäp bolýar: Microsoft ýalňyşlygy tassyklady

Windows 11 üçin 13-nji ýanwarda çykan KB5074109 belgili howpsuzlyk täzelenmesi kompýuterleriň kadaly işe girizilmegine päsgel berýän çynlakaý näsazlygy ýüze çykardy. Microsoft bu ýalňyşlygyň bardygyny tassyklap, meseläni öwrenip başlandygyny habar berdi...

24.01.2026 17:13
1.4k+

Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylary üçin «Notepad» we «Paint» programmalarynyň täze synag wersiýalaryny hödürledi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, bu täzelikler häzirki wagtda «Windows Insider» maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir...

21.01.2026 10:07
2.7k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...