“Bärde” filminde Tom Henks we Robin Raýt 50 ýyl “ýaşardy”. Lenta bir nokatdan surata düşürildi

  • 27.06.2024 18:13
  • 8.7k+

Robert Zemekisiň “Bärde” (“Здесь”) filminden ilkinji kadrlar peýda boldy. Taslama “Forrest Gampyň” ýyldyzlaryny – 67 ýaşly Tom Henksi we 57 ýaşly Robin Raýty birleşdirer.

Kadrlarda baş keşpleri ýerine ýetirijiler öz karýeralarynyň başynda ýaly görünýärler. Olaryň gahrymanlaryny ýaşartmak we garratmak effekti üçin grim we sanly tehnologiýalar ulanyldy diýip, Zemekis Vanity Fair bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Filmde Henks hem ýetginjek ýaşda, hem 80 ýaşly garry hökmünde görkeziljek Riçard atly adamy janlandyrar.
Sýužet onlarça ýylyň dowamynda är-aýalyň durmuşyny yzarlar. Ähli hereketler bir otagda bolar – şol bir wagtyň özünde kamera hereketsiz ýagdaýda durar. Waka 1920-nji ýyllarda, Riçardyň ene-atasy – El (Pol Bettani) bilen Rouz (Kelli Raýlli) öý guranda başlaýar.

“Görüş nokady tutuş filmiň dowamynda bir, ýöne daş-töwerekdäki zatlar üýtgeýär. Aslynda, şular ýaly zat öň edilmedi. Şeýle sahnalar örän irki sessiz filmlerde bar, şol döwürde “montaž dili” heniz oýlanyp tapylmandy. Umuman, bu töwekgelçilikli iş” diýip, Zemekis aýdýar.

Film Riçard MakGuaýryň 2014-nji ýyldaky grafiki romanyna esaslanýar. Ssenariýany “Forrest Gampyň” üstünde işlän Erik Rot adaptirledi.
ABŞ-da “Bärde” filminiň premýerasy 15-nji noýabra meýilleşdirilýär.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......