Win + C düwmesi geçmişde galdy: Windows 11-de onuň ýerine Copilot bolar

  • 27.06.2024 20:10
  • 2.8k+

Microsoft Windows 11-de Win+C klawişa utgaşmasyny (salgylanmasyny) ýatyrýar. Bu häzirki wagtda şeýle utgaşmany ulanyp işe girizilýän Copilot AI kömekçisiniň peýda bolmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, IXBT ýazýar.

Täze Windows 11 Insider Preview 22635.3785 gurluşynda Win+C eýýäm elýeterli däldir, bu bolsa soňky wersiýada onuň doly ýitirim boljakdygyny görkezýär.
Win+C-niň ýatyrylmagy, täze wersiýalarda Copilot-y işe girizmek üçin aýratyn düwmäniň bolmagy bilen baglanyşykly. Stol kompýuterleri we özbaşdak klawiatura üçin hödürlenýän alternatiwalar ýokdur, ýöne Microsoft üçin noutbuk bazary has möhümdir.
Win + C Windows-yň öňki wersiýalarynda-da bardy. Ol Windows 10-da Cortana-ny, Windows 8-de goşmaça funksiýaly gapdal paneli açýardy.


29.01.2026 02:06
1.8k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar...

26.01.2026 17:41
2.1k+

Windows 11-iň täze çykan täzelenmesi «gara ekrana» sebäp bolýar: Microsoft ýalňyşlygy tassyklady

Windows 11 üçin 13-nji ýanwarda çykan KB5074109 belgili howpsuzlyk täzelenmesi kompýuterleriň kadaly işe girizilmegine päsgel berýän çynlakaý näsazlygy ýüze çykardy. Microsoft bu ýalňyşlygyň bardygyny tassyklap, meseläni öwrenip başlandygyny habar berdi...

24.01.2026 17:13
1.4k+

Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylary üçin «Notepad» we «Paint» programmalarynyň täze synag wersiýalaryny hödürledi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, bu täzelikler häzirki wagtda «Windows Insider» maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir...

21.01.2026 10:07
2.7k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...