Xiaomi SU7 satuwynyň 30% ösüşini gazanyp, Hytaýyň awto-bazarynyň ilkinji onlugyna girdi

  • 27.06.2024 18:05
  • 4.8k+

Xiaomi kompaniýasy SU7 elektromobiliniň satuwyny soňky bir hepdäniň dowamynda 30%-den gowrak artdyrmagy başardy. Bu kompaniýa ilkinji gezek satuw boýunça Hytaýyň iň gowy awtoöndürijileriniň ilkinji onlugyna girmäge mümkinçilik berdi.

Ýylyň 25-nji hepdesinde (17-23-nji iýun) Xiaomi SU7-niň satuwy 3300 birlik boldy we bu ondan öňki hepdeden 32% köpdür. Bu aprel aýynyň başynda modeliň müşderilere iberilip başlananyndan bäri rekord görkeziji boldy. Iýun aýynyň ilkinji üç hepdesinde Xiaomi 7900 SU7 elektromobilini satmagy başardy.
Xiaomi-niň baş müdiri we esaslandyryjysy Leý Szýun kompaniýanyň awtoulag üpjünçiligini iýun aýynda 10 000 birlige we 2024-nji ýylda 120 000 awtomobile ýetirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Ýatlap geçsek, SU7 häzirki wagtda Xiaomi tarapyndan hödürlenen ýeke-täk elektromobil modelidir. Ýöne ýakynda kompaniýanyň elektrik krossoweri synagdan geçirýändigi we gibrid awtomobiliň üstünde işleýändigi belli boldy.


13.05.2026 23:24
2.6k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

13.05.2026 23:03
1.5k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

12.05.2026 19:02
1.5k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....