«Qatar Airways» dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy adyna sekizinji gezek mynasyp bolýar

  • 27.06.2024 16:09
  • 13k+

Dünýäniň abraýly awiakompaniýalarynyň biri bolan «Qatar Airways» Skytrax World Airline Awards-yň  2024-nji ýyldaky ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu baýragyň 25 ýyllyk taryhynda «Qatar Airways-yň» şeýle ýokary derejä, 2011-nji ýyldan bäri, eýýäm, sekizinji gezek mynasyp bolýandygydyr.

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Londonyň Heathrow howa menziliniň golaýyndaky «Fairmont Windsor» seýilgähinde geçirilen gala dabarasynda şu ýylyň iň gowy awiakompaniýalary yglan edildi. Bu gezekki çärä dünýädäki awiakompaniýalardan 325-den gowrak myhman gatnaşdy. Olaryň arasynda awiakompaniýalaryň baş direktorlary, prezidentleri we ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bar.
«Skytrax», dürli awiakompaniýalar we howa menzilleri tarapyndan berilýän hyzmatlaryň hilini öwrenmekde ýöriteleşen Iňlis hususy maslahat beriş kompaniýasydyr. Ol 1989-njy ýylda esaslandyryldy. Dürli ýolagçy gözlegleriniň esasynda 210-dan gowrak awiakompaniýa we 65 howa menzili barada giňişleýin maglumat alyp bolýar.
«Awiasiýa pudagynyň Oskarlary» diýlip atlandyrylýan Bütindünýä howa ýollary baýraklary bolsa 1999-njy ýylda esaslandyryldy we şondan bäri her ýyl yzygiderli geçirilip gelinýär.  Maliýe-guramaçylyk işleri «Skytrax» tarapyndan ýola goýlan bu baýraklaryň ýeňijisini kesgitlemekde adalatly baha bermelere daýanýarlar. 
«Qatar Airways» «2024-nji ýylyň Dünýäniň iň gowy howaýoly» diýlip yglan edilmeginden başga-da, «Dünýäniň iň gowy biznes-klasy», «Dünýäniň iň oňat biznes-salony» we «Ýakyn Gündogaryň iň gowy howaýollary» ýaly iň ýokary baýraklary hem almagy başardy. 
Şu ýylyň başynda «Qatar Airways-yň» esasy iş merkezi bolan Hamad halkara howa menzili 2024-nji ýylda «Dünýäniň iň gowy howa menzili» baýragyny, şeýle hem onunjy gezek «Ýakyn Gündogaryň iň gowy howa menzili» diýen baýragy hem alypdy. Katar Duty Free hem-de beýleki söwda nokatlary, howa menzilindäki restoranlar we ol ýerdäki hyzmatyň hiliniň ýokary derejesi üçin bu halkara howa menzili «Dünýäde söwda üçin iň gowy howa menzili» baýragyna hem mynasyp boldy.  Ikinji ýere bu baýragyň geçen ýylky ýeňijisi Singapur Howaýollary, üçünji ýere bola «Emirat» howaýollary mynasyp boldular. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......