Ýewro-2024: Gruziýa Portugaliýany utdy, Türkiýe Çehiýadan üstün çykdy, E toparçada utuklar deň geldi

  • 27.06.2024 12:33
  • 13k+

2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary tamamlandy. 

E toparçada Ukrainanyň milli ýygyndysy Belgiýa bilen utugy paýlaşdy (0:0).
Slowakiýa we Rumyniýa hem deňme-deň oýnady (1:1). Slowakiýalylardan Ondreý Duda gol geçirdi (24-nji minut), rumyniýalylardan Rezwan Marin tapawutlandy (37, penaltiden).
Toparçanyň dört toparynyň ählisi 4 utuk gazandy, ýöne ukrainalylar geçirilen we sypdyrylan gollaryň tapawudy sebäpli soňky orunda ýerleşdiler – 2:4 (-2). Şonuň üçin Ukrainanyň milli ýygyndysy ýaryşdaky çykyşyny tamamlady, galan toparlar 1/8 finala çykdylar. Rumyniýa birinji, Belgiýa ikinji, Slowakiýa üçünji orny eýeledi.
F toparçanyň oýnunda Gruziýa Portugaliýany utup (2:0), pleý-offa çykdy. Gollary Hwiça Kwarasheliýa (2) we Žorž Mikautadze (57, penaltiden) girizdi.
Bu toparçanyň beýleki bir oýnunda Türkiýe Çehiýany 2:1 hasabynda utdy. Türk toparyndan Hakan Çalhanoglu (51) we Jenk Tosun (90+4), çehiýalylardan Tomaş Souçek (66) tapawutlandy.
20-nji minutda Çehiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Antonin Barak ikinji sary duýduryş üçin meýdançadan çykaryldy. Ýene bir gyzyl duýduryşy sporta gelişmeýän hereketi üçin final jürlewüginden soň çehiýaly hüjümçi Tomaş Hory (90+8) aldy.
Netijede, bu toparçadan pleý-offa Portugaliýa (6 utuk), Türkiýe (6) we Gruziýa (4) çykdy. Çehiýa (1) ýaryşdan aýryldy.
Şeýlelik bilen, 1/8 finalda oýnajak ähli jübütler belli boldy:

  • Şweýsariýa – Italiýa (29-njy iýun, Berlin);
  • Germaniýa – Daniýa (29-njy iýun, Dortmund);
  • Ispaniýa – Gruziýa (30-njy iýun, Kýoln);
  • Angliýa – Slowakiýa (30-njy iýun, Gelzenkirhen);
  • Portugaliýa – Sloweniýa (1-nji iýul, Frankfurt-na-Maýne);
  • Fransiýa – Belgiýa (1-nji iýul, Dýusseldorf);
  • Rumyniýa – Niderlandlar (2-nji iýul, Mýunhen);
  • Awstriýa – Türkiýe (2-nji iýul, Leýpsig).

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......