Dewid Finçer “Kalmar oýny” serialynyň remeýkiniň üstünde işleýär

  • 26.06.2024 18:14
  • 6.9k+

Döwrebap kinematografyň klassygy Dewid Fitçer Günorta Koreýanyň meşhur “Kalmar oýny” (Игра в кальмара) serialynyň remeýkiniň üstünde işläp başlady. Bu barada The Playlist internet portaly habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, remeýkiň ssenariýasyny “Matilda” we “Gara deňiz” filmleriniň üstündäki işi bilen tanalýan Dennis Kelli ýazar.
Finçer ilkinji gezek “Kalmar oýnunyň” täze görnüşini surata düşürmek meýilnamalary barada 2021-nji ýylda gürrüň berdi. Şondan bäri ol Roman Polanskiniň 1974-nji ýyldaky “Hytaý kwartaly” (Китайский квартал) detektiw filminiň prikweliniň üstünde işledi. Häzir prikweliň ssenariýasy taýýar, ýöne Finçer bu taslamany “Kalmar oýnunyň” remeýkiniň peýdasyna soňa goýmak kararyna geldi.
Asyl nusgadaky “Kalmar oýny” 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Netflix-de çykdy we global hadysa öwrüldi. 28 günüň içinde serial 1,65 mlrd sagatdan gowrak tomaşa ýygnady we 111 mln akkaunta ýetdi. Ol Netflix-iň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial bolmagynda galýar. Ikinji möwsümiň premýerasy 2024-nji ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirildi.
Dewid Finçer “Ýedi” (Семь), “Söweş kluby” (Бойцовский клуб), “Oýun” (Игра), “Sosial ulgam” we “Benjamin Battonyň geň hekaýasy” (Загадочная история Бенджамина Баттона) ýaly kartinalar bilen bellidir.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......