ÝB-de ýolbaşçylygyň täze düzümi ylalaşyldy: fon der Lýaýen wezipesinde galar, Borreliň ornuny Kallas eýelär

  • 26.06.2024 14:52
  • 3.7k+

Ýewroparlamentde uly partiýalara wekilçilik edýän ÝB ýurtlarynyň liderleri Ursula fon der Lýaýeniň Ýewrokomissiýanyň başlygy wezipesine täze möhlete dalaşgärligini ylalaşdylar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň ygtyýarly gurluşlaryndaky çeşmelere salgylanyp, Politico habar berýär.

Ýewropa diplomatiýasynyň täze başlygy Estoniýanyň premýer-ministri Kaýa Kallas bolar, ol bu wezipede Žozep Borreliň ornuny eýelär. Ýewropa Geňeşiniň başlygy Portugaliýanyň öňki premýer-ministri Antoniu Koşta bolar, ol Şarl Mişeliň ornuna geçer.
Bu wezipelere dalaşgärlikler 27-nji iýunda ÝB sammitinde resmi taýdan tassyklanar. Fon der Lýaýne iýul aýynyň ortalarynda Strasburgda ýygnanjak Ýewroparlamentiň hem goldawy gerek bolar.
KHBS-iň habaryna görä, gazanylan ylalaşyk esasy merkezi partiýalara wekilçilik edýän ÝB ýurtlarynyň altysynyň liderleriniň arasyndaky gepleşikleriň netijesidir.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....