Aýyň üstünde Lego: ESA-nyň inženerleri geljekde meteorit tozanyndan baza gurmak isleýärler

  • 26.06.2024 14:04
  • 3.7k+

Ýewropa kosmos gullugy (ESA) geljekki Aý bazalary üçin özboluşly gurluşyk bloklaryny döretdi. Ony işläp taýýarlaýan döwründe inženerler Lego konstruktoryndan ylham alypdyrlar diýip, IXBT habar berýär.

ESA-nyň barlagçylar topary Aýda gurluşyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen, 4,5 million ýyllyk meteoritde tapylan materiallardan "kosmos kublary" düşünjesini işläp taýýarlady.
ESA-nyň ylmy işgäri Aýdan Kouli: "Aýyň üstünde hiç kim hiç wagt baza gurmady, şonuň üçin ony diňe bir nädip gurmalydygymyzy däl, eýsem nämeden  gurmalydygymyzy hem çözmeli" – diýip belledi.
“Kosmos kublary” meteorit tozanynyň, polilaktidiň (biodargaýan polimer) we Aýyň üstüni örtýän material bolan Aý regolitiniň emeli analogynyň garyndysyndan döredilýär.
Kouli: "Biz, hatda kosmiki tozandan hem berk, funksional gurluşyk bloklaryny döredip boljakdygyny görkezmek isledik" – diýip belledi.
Bu kublaryň 15-si, geljekki gurluşykçylara ylham bermek we Lego-nyň zemini däl meseleleri çözmäge nähili kömek edip biljekdigini görkezmek üçin, dünýäniň “Lego” dükanlarynda goýlar.
Lego Group-yň döredijilik ýolbaşçysy Deniel Mihan: "Çagalara Lego kubigini gurmak meselesinde asmanyň hakykatdanam çäksizdigini görkezmek isleýäris" -diýdi.
ESA bilen Lego-nyň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk adamlary Aýa gaýtadan eltmäge gönükdirilen has giň “Artemida” maksatnamasynyň bir bölegidir.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......