Ýewro-2024: C we D toparçalarda netijeler kesgitlendi

  • 26.06.2024 10:57
  • 11k+

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň netijesi boýunça Awstriýa Niderlandlary utup, D toparçada birinji orundan 1/8 finala çykdy. Berlindäki Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun Ralf Rangnikiň toparynyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy.

Awstriýalylardan Romano Şmid (59-njy minut) we Marsel Zabitser (80) tapawutlandy. Ýene bir goly Niderlandlaryň oýunçysy Doniell Malen 6-njy minutda öz derwezesine girizdi.
Niderlandlar oýnuň dowamynda Kodi Gakponyň (47) we Memfis Depaýyň (75) gollary bilen hasaby deňläpdiler.

Toparçanyň beýleki bir oýnunda Fransiýa Polşa bilen deňme-deň (1:1) oýnady.
Dortmunddaky oýunda iki gol hem penaltiden geçirildi. Kilian Mbappe 56-njy minutda hasaby açdy, Robert Lewandowskiý 79-njy minutda hasaby deňledi. Polşaly ikinji synanyşykda gol girizdi – birinji 11 metrlik urgyny derwezeban yzyna gaýtardy, ýöne ol derwezäniň liniýasyndan çykdy, şonuň üçin penalti gaýtadan uruldy.
Awstriýanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylary göni pleý-off-a çykdylar. Niderlandlar üçünji orundan 1/8 finala saýlandylar.
Awstriýalylar F toparçada ikinji topar bilen oýnarlar, aýgytly oýun 26-njy iýunda geçiriler.
Fransiýanyň garşydaşy E toparçadaky ikinji topar bolar (çarşenbe güni kesgitlener).
D toparçada jemleýji ýagdaý:

  1. Awstriýa (6 utuk)
  2. Fransiýa (5)
  3. Niderlandlar (4)
  4. Polşa (1).

C toparçada Angliýanyň milli ýygyndysy Kýolnda Sloweniýa bilen deňme-deň (0:0) oýnady we birinji orny eýeledi. Şeýle-de, Serbiýa Mýunhende Daniýa bilen deňme-deň (0:0) oýnady.
Angliýa toparçada birinji orundan pleý-offa çykdy.
Daniýalylar Sloweniýa bilen birmeňzeş utuk gazandylar (her biri 3 utuk). Ýöne Daniýa FIFA-nyň reýtinginde ýokarda ýerleşýändigi üçin ikinji orny eýeledi. Sloweniýaly futbolçylar üçünji orundan pleý-offa saýlandylar.
1/8 finalda Daniýa 29-njy iýunda Dortmundda Germaniýa bilen oýnar. Angliýanyň garşydaşy toparçada üçünji orny eýelän dört toparyň biri bolar.
Horwatiýa pleý-off-a çykmak mümkinçiligini ýitirdi, sebäbi Sloweniýa ony üçünji orunlaryň arasynda top-4-den çykardy. Belläp geçsek, Sloweniýanyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek Ýewro-nyň pleý-offuna çykdy.
C toparçada jemleýji ýagdaý:

  1. Angliýa (5 utuk)
  2. Daniýa (3)
  3. Sloweniýa (3)
  4. Serbiýa (1)

düýn 23:41
1.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......