Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp gördi

  • 25.06.2024 15:49
  • 11k+

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.
Kärhananyň hünärmeni täze bölümiň işleýiş tertibi barada gürrüň berdi. Bu ýerde tohumlyk däneler ýörite şöhläni ulanmak arkaly saýlanylýar. Bu enjam bugdaýlary onuň reňkine, göwrümine laýyklykda arassalaýar. Bu bolsa arassa we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bölümde oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr.
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew önümçilik toplumyna gelip gowuşýan gallanyň hili barada gürrüň berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......