Evergreen Homes üç otagly 8 metrlik furgon hödürledi

  • 25.06.2024 13:44
  • 13k+

Awstraliýanyň Evergreen Homes Australia kompaniýasy bäş adama niýetlenen Grevillea atly adaty bolmadyk furgon hödürledi. Bary-ýogy 8,4 metr uzynlygyna garamazdan, jaýda üç ýatylýan otag, odun ýakýan peçli giň otag we oňat enjamlaşdyrylan aşhana bar diýip, New Atlas habar berýär. 

Grevillea-nyň daşky görnüşi gara metaldan edilendir, diwarlarynyň beýik we penjireleriniň köp bolmagy onuň içini ýagty we giň edýär. Jaýda çäkli ýerden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýän tekjeler bar.
Aşhana iki gözli gaz ojak, elektrik peç, holodilnik, mikrotolkunly peç, gap-gaç ýuwujy maşyn we rakowina bilen enjamlaşdyrylandyr.
Baş otagda queen-size ölçegindäki krowat, birinji gatda bolsa hammam bar. Üçekde iki sany goşmaça ýatylýan otag ýerleşýär. Bu otaglara, hersine aýratyn gurlan ammarly basgançaklaryň üsti bilen galyp bolýar.
Grevillea standart görnüşinde elektrik simden zarýad alýar, ýöne sim gün panellerini ulanmaga üçin hem uýgunlaşdyrylandyr. Jaýyň bahasy aýan edilmedi.

düýn 14:38
3.7k+

Sowadyjyly we massaž edýän hytaý miniwenine iki günde 8 müňden gowrak sargyt gelip gowuşdy

Hytaýyň awtoulag öndüriji Arcfox kompaniýasy öňünden sargytlar açylandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda Wendao V9 miniweni üçin 8 müňden gowrak sargyt alandygyny mälim etdi. ...

düýn 11:11
3.3k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

düýn 07:27
4.6k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

13.05.2026 23:24
2.6k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......