Londonda ssenarisi ChatGPT tarapyndan ýazylan filmiň ilkinji görkezilişi ýatyryldy

  • 25.06.2024 13:41
  • 3.4k+

Londonyň Prince Charles kinoteatry ssenarisi emeli intellekt ChatGPT 4.0 tarapyndan ýazylan "Iň soňky ssenarist" (“Последний сценарист”) filminiň dünýä premýerasyny ýatyrdy. Bu çözgüt, kinoteatr tomaşaçylarynyň adam däl-de, AI ulanylmagy baradaky teswirleri bilen baglanyşyklydyr diýip, The Guardian habar berýär.

Kinoteatryň işgärleri: "Filmiň reklamasyndan soňky 24 sagadyň dowamynda görkezilen nägilelikler, tomaşaçylarymyzyň köpüsiniň ssenaristiň ýerine emeli intellektiň ulanylmagy barada aladalanýandyklaryny görkezdi" -diýdi.
Film şweýsar režissýory Peter Luizi tarapyndan surata düşürildi. Filmiň sýužeti emeli intellekt bilen baglanyşyklydygyr. Meşhur ssenaristiň - baş gahrymanyň durmuşy "emeli intellektiň üsti bilen ssenariý ýazmagyň kynçylyklaryna duş gelende" tersine öwrülýär. Wagtyň geçmegi bilen, gahryman AI-iň diňe bir öz başarnyklaryna laýyk gelmän, eýsem üstün çykýandygyna göz ýetirýär.
Režissýor: “Meniň pikirimçe, adamlar taslama barada ýeterlik derejede bilenoklar. Munuň, "bütinleý emeli intellekt bilen ýazylan ilkinji filmdigini" eşidýärler we derrew gahar-gazaplaryny bize gönükdirýärler. Eger ssenaristler filme tomaşa etmek üçin wagt tapsalar, surata düşüriş prosesini okasalar, olaryň bizi ýazgarjakdygyny göz öňüne getirip bilemok, sebäbi men olaryň biri... Bu biziň umumy işimize goşantdyr "-diýdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......