В ОАЭ обнаружены руины затерянного города Туам

  • 25.06.2024 13:46
  • 7.4k+

BAE-de arheologlar gadymy şäheriň harabalyklaryny tapdylar, olar muny arap çeşmelerinde agzalýan, ýitirilen Tuam şäheri bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Açyş Umm-el-Kuweýn sebitinde ýerleşýän Al-Sinniýa adasynda ýüze çykaryldy diýip, Heritage Daily habar berýär.

Adada gazuw-agtaryş işleri birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Ozal bu ýerde kiçeňräk  obanyň, monastyryň we merjen gazylyp alnandygynyň subutnamalary tapyldy. Häzirki meýdan işleri möwsüminde VI asyryň uly şäherçäniň galyndylary tapyldy, ol Tuam şäheri bolmagy ähtimal diýip hasaplanýar.
Şäher, takmynan, IV asyrda esaslandyrylyp, V-VI asyrlar onuň gülläp-ösen döwri bolupdyr. Şäher ep-esli uly bolup, hatda dar köçeleriň ugrunda dyknyşyp oturan köp öýli jaýlaram bar eken. Arheologlar Tuam şäheriniň mergi keseli we sebit çaknyşyklary sebäpli pese gaçandygyny aýdýarlar.
Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda epidemiýa baradaky çaklamany tassyklaýan köp sanly köpçülikleýin jaýlanan mazarlar tapyldy. Jesetleriň galyndylarynda zorlukly ölümiň alamatlary tapylmady.

Tapylan şäherçäniň ýitirim bolan Tuam şäheridigini meňzetme arkaly anyklamak mümkin boldy. Şäheriň özünde adyny görkezýän göni subutnama ýokdy.
BAE uniwersitetiniň professory Tim Pauer tapylan şäherçäniň ýitirim bolan Tuam şäheridigini meňzetme usuly bilen kesgitläp boljakdygyny aýtdy - şäheriň özünde onuň adyny görkezýän subutnama ýok.
Alym: "Ýöne biz BAE-de Pars aýlagynyň kenaryndaky iň uly şäherçäni tapdyk" –diýip belleýär. -  Ol hut yslamyň irki geografiki çeşmelerinde beýan edilen şäheriň ýaşan döwrüne laýyk gelýär. Elbetde, bu ýeriniň gaty möhüm ýer bolandygyna şübhe ýok. Bu döwürde kenarýakada başga möhüm ilatly nokat bolmandyr, bu bolsa bu şäherçäniň Tuamdygy baradaky delili güýçlendirýär".


30.01.2026 19:58
5.8k+

В Дубае появится первая в мире вилла, построенная роботами-строителями

В Дубае (ОАЭ) построят первую в мире жилую виллу с использованием полностью автоматизированных систем. Проект реализуется международным консорциумом, в который вошли более 25 технологических компаний и академических учреждений, сообщает Interesting Engineering...

17.05.2025 00:28
2.1k+

Neuralink начинает в Абу-Даби испытания по управлению устройствами силой мысли

Neuralink Илона Маска объявила о запуске первого клинического исследования на Ближнем Востоке. Компания изучит возможность коммуникации и управления устройствами силой мысли. Проект под названием UAE-PRIME реализуется в партнёрстве с Cleveland Clinic Abu Dhabi и Департаментом здравоохранения Абу-Даби...

01.02.2025 12:05
9.3k+

ОАЭ тестируют новые технологии для искусственного вызова дождя

В Объединённых Арабских Эмиратах начали тестировать две инновационные технологии для искусственного вызова дождя. Речь идет о нанотехнологиях для посева облаков, а также об установке электрических разрядников на...

16.05.2024 13:37
13k+

Руины города жемчужников на острове Аль-Синния в Дубае датируют IV веком

Археологи обнаружили руины нескольких древних поселений на острове Аль-Синния, который расположен примерно в 42 милях к северо-востоку от Дубая. Находки проливают свет на раннюю историю региона, пишет Miami Herald со...