Dubaýdaky Al-Sinniýa adasyndaky dürçüler şäheriniň harabalyklary IV asyra degişli hasaplanylýar

  • 16.05.2024 13:37
  • 13k+

Arheologlar Dubaýyň 42 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Al-Sinniýa adasyndan birnäçe gadymy oturymly ýerleriň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar sebitiň irki taryhyny açýar diýip, BAE-niň Syýahatçylyk we arheologiýa departamentine salgylanýan Miami Herald ýazýar.

2023-nji ýylyň mart aýynda tamamlanan gazuw-agtaryş işleriniň biri gadymy dürçüleriň şäheriniň harabalyklarynda geçirilipdi. Arheologlaryň bellemegine görä, azyndan 1600 ýyl ozal bu ýerde durmuş gaýnap-joşupdyr we dür işläp bejeriş  senagaty gülläp ösüpdir.
Hünärmenler çen bilen Mesopotamiýadan getirilen köp sanly uly küýzeleriň üstünden barypdyrlar. Indi alymlar tapylan artefaktlaryň ikisinde birinji we dördünji asyrlara degişli arameý ýazgylarynyň bardygyny anykladylar.
Bu harabalyklaryň taryhy çeşmelerde agzalýan ýitip giden Tawam şäherine degişlidigi bellendi. Müňlerçe ýyl bäri sebitiň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan dür gözlemek bu ýerde ençeme asyrlaryň dowamynda gülläp ösüpdir.
Adanyň Deýr-as-Siniýa diýlip atlandyrylýan başga bir böleginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri hem gyzykly tapyndylary berdi. Departament tarapyndan çap edilen  suratlarda kenar ýakasyny syryp uzap gidýän daş diwarlaryň setiri görkezilýär. Görnüşine görä, olar köp sanly gönüburçly saklawjaýlary emele getirýär.
Adada soňky dört ýylyň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri dowam etdirilse gerek.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....