Huawei Dubaýda geçiren tanyşdyryşynda köp sanly täze önümlerini hödürledi

  • 10.05.2024 10:34
  • 3.9k+

7-nji maýda Dubaýda (BAE) Huawei-iň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu Huawei-iň soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji halkara tanyşdyrylyşydyr, munda kompaniýa bir wagtda diňe bir önümlerini däl, eýsem, özüniň özbaşdak işläp düzen programma üpjünçiliginiň çözgütlerini hem hödürledi diýip, Mail.ru ýazýar.

Hususan-da, Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Huawei Watch Fit 3 akylly sagadyny, Huawei MateBook X Pro noutbugyny, Huawei MatePad 11,5"S-iň täze nesliniň PaperMatte ekranly ilkinji planşetini we beýleki akylly enjamlaryny, şeýle hem Huawei-iň öz işläp taýýarlan GoPaint programmalaryny dünýä möçberinde  satuwa çykarandygyny mälim etdi.
Huawei Watch Fit 3 akylly sagadynyň inedördül siferblaty, 1,82 dýuýmlyk AMOLED ekrany we ukuda dem alşa baha berýän, agrama gözegçilik edýän we rasiony seljerýän TruSleep 4.0 tehnologiýasy ýaly, kämilleşdirilen saglyk gözegçiligi aýratynlyklary bar.

Huawei MateBook X Pro noutbugy Intel Core Ultra 9 prosessorynyň, täze gurluşynyň we sowadyş ulgamynyň kömegi bilen iň ýeňil (agramy 980 g), iň inçe (13,5 mm) enjama öwrüldi.
Huawei MatePad 11.5''S planşeti 3:2 fotmatdaky ekrana, 144 Gs täzeleniş ýygylygyna we 2,8K razreşeniýa eýe. Şeýle hem ýylpylda garşy PaperMatte örtügine eýe. Ol iň ýagty Gün şöhlesinde hem ulanyşy amatly edýär.


Huawei tarapyndan işlenip düzülen GoPaint 100-den gowrak wirtual çotgasy, real teksturasy we kendiriniň görnüşleri bilen surat çekmäge mümkinçilik berýär. Programmany döretmek üçin üç ýyldan gowrak gözleg we işläp taýýarlaýyş işleriniň geçirilendigi bellendi. Huawei 2012 Laboratories-den başga-da, materiallar, optika we grafiki şekillendiriş ugrundan hünärmenler ýaly, sekiz dürli gözleg topary onuň işlenip taýýarlanyşyna gatnaşdy. Programma her goldanylýan guraldan has netijeli peýdalanmak üçin, dürli öwrediji materiallary öz içine alýar.


17.05.2025 00:28
1.8k+

Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener. UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär...

01.02.2025 12:05
9.1k+

BAE ýagşy emeli ýagdyrmak üçin täze tehnologiýalary synagdan geçirýär

Birleşen Arap Emirliklerinde ýagşy emeli ýagdyrmak üçin iki innowasion tehnologiýa ulanylyp başlandy. Gürrüň bulutlary “ekmek” üçin nanotehnologiýalar, şeýle-de dronlarda we uçarlaryň ganatynda elektrik razrýadnikleri...

18.01.2025 17:12
3.8k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...

12.01.2025 11:43
5.2k+

Samsung, açyl! Koreý tehnoägirdi Huawei-den tapawutlanýan üç eplenýän smartfonyny taýýarlaýar

Samsung bazara ilkinji bolup çykan Huawei Mate XT modelinden tapawutlanýan üç ekranly täze smartfonyny işläp taýýarlar. Bu barada SisaJournal-E koreý neşiri habar berýär. Smartfonyň funksional aýratynlygy häzirlikçe...