Saud Arabystany şu ýyl haja gelenleriň sany barada resmi maglumatyny berdi

  • 24.06.2024 19:18
  • 21k+

Düýn, 23-nji iýunda Saud Arabystany Patyşalygy şu ýylky haj möwsümi hakynda maglumat berdi. Saud Arabystanynyň KHBS wekilleri Saglyk ministri Fehd Al-Jelaliniň teleýaýlymdaky çykyşyna salgylanyp, hajylaryň ybadatlaryny doly berjaý etmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini beýan etdiler.

«Bu ýylky haj möwsümi howanyň aşa gyzýan wagtlaryna gabat geldi. Hajyň esasy günlerinde Mekke şäherinde howanyň gyzgynlygy kölegede +51,80C derejä ýetdi. Muňa garamazdan hajylar dessin lukmançylyk kömekleri bilen üpjün edildi. Häzirki güne çenli 465 müň ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömekleri berildi» diýip, Saud Arabystanynyň Saglyk ministriniň sözünde ýatlanylýar.  «Haj möwsüminde ýokanç keselleriň hiç biri hasaba alynmady. Diňe howanyň aşa gyzgynlygy zerarly öz ýurtlaryndan ulagly ýa-da pyýada gelen zyýaratçylaryň käbirinde Gün urmasy ýaly hadysalar boldy» diýip, ministriň sözlerinde beýan edilýär.

Haj ministri Tewfik al-Rabianyň aýtmagyna görä, 1445-nji hijri-kamary ýylynda (2024-nji ýyl) 200-den gowrak döwletden 2 million 833 müň 164 sany adam haj zyýaratyny berjaý etmäge geldi. Şolaryň arasyndan 221 müň 854 adam Saud Arabystany Patyşalygynyň öz raýatlarydyr.


22.04.2026 15:42
10k+

Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy......

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...