Günüň üstünde ýene üç sany alawlama bolup geçdi: olar gysga tolkunly radioaragatnaşygyň bozulmagyna getirdi

  • 24.06.2024 19:28
  • 14k+

Amaly geofizika institutynyň (FGBU "IPG") alymlary ýekşenbe güni Günde üç sany güýçli alawy hasaba aldylar, olaryň biri alawyň X klasyna ýakyn boldy.

20 minut dowam eden M9.3 alawy 23-nji iýunda Aşgabat wagty bilen 18:01-de bellige alyndy.
Şeýle hem alymlar M2.4 / 1N we M1.2 alawlaryny hasaba aldylar. Üç alawyň üçüsi-de gysga tolkunly radio aragatnaşygyň kesilmegi bilen utgaşdy. Alawlardan soň, Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna täsir ediş derejesi bäş görkezijili şkalada R2-ä (ortaça) galdy. Onuň iň ýokary derejesi R5-dir (ekstremal).
Gün alawlary, rentgen şöhleleriniň güýjüne baglylykda, bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Iň az A0.0 klasy Ýeriň orbitasyndaky bir inedördül metrde 10 nanowat radiasiýa güýjüne laýyk gelýär. Indiki harplara geçilende güýji 10 esse ýokarlanýar. Alawlar, adatça, Ýere ýetip, magnit tupanlaryny döredip biljek Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşýar.


15.06.2026 22:20
5.4k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...