6-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

  • 24.06.2024 15:22
  • 8.8k+

6-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
39-19-20,
39-19-21.


şu gün 05:55
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy

2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi....

düýn 16:33
1.6k+

TDHÇMB-da bir hepdede 5,893 mln dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt alyjylary bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy diýip, TDH habar berýär...

düýn 00:53
2.2k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

01.02.2026 23:17
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň...