Werstappen “Formula-1-de” Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 24.06.2024 13:45
  • 2.6k+

“Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Ikinji bolup pellehana “Maklarenden” Lando Norris geldi, üçlügi “Mersedesden” Lýuis Hemilton jemledi. Bu Hemiltonyň möwsümde iň gowy netijesidir.
Werstappen 219 utuk bilen sanawda birinji orny eýeleýär, ol ýedi ýaryşda ýeňiş gazandy. Norrisiň (150 utuk), “Ferrariden” Şarl Lekleriň (148 utuk) we Karlos Saýnsyň (116 utuk) her biriniň hasabynda bir ýeňiş bar.
Konstruktorlaryň kubogynda öňdebaryjylygy “Red Bull” saklaýar (330 utuk), ikinji orny “Ferrari” (270), üçünji orny “Maklaren” (237) eýeleýär.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.2k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....