Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 102-nji mejlisine gatnaşdy

  • 24.06.2024 12:25
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň ýanyndaky doly doly ygtyýarly wekili, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Moskwa şäherinde 21-nji iýunda geçirilen GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 102-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar 2023-nji ýylda GDA agza ýurtlaryň ykdysady ösüşi bilen bagly esasy makroykdysady görkezijiler bilen tanyşdylar. Maglumat GDA-nyň Statistika komiteti tarapyndan taýýarlanylyp, gurama agza ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, ösüş depginini häsiýetlendirýär, şeýle-de döwlet edaralary ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna degişli kararlary kabul edeninde ugur görkeziji bolup hyzmat edýär. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle-de 2020 — 2023-nji ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň işi barada maglumat berildi.
Mejlisiň dowamynda GDA agza ýurtlaryň arasynda 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda gol çekişilen Awtoulag gurluşygy pudagynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi, GDA agza ýurtlaryň bu ugurdaky gatnaşyklarynyň giňelmegine hem-de awtoulag gurluşygy pudagynyň Ylalaşyga gatnaşýan döwletleriň ykdysadyýetine goşýan goşandynyň ösmegine şert döreder.
Mundan başga-da, 2013-nji ýylyň 20-nji noýabrynda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen tassyklanan döwletara okuw, hünär taýýarlygy we ylmy-tehniki maglumatlar pudagynda işgärleri taýýarlamak ulgamyny döretmek we ösdürmek konsepsiýasyna üýtgetme girizmek barada karar kabul edildi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......