Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň "Turan" klubunyň baş tälimçisi boldy

  • 23.06.2024 15:34
  • 8.6k+

22-nji iýunda Gurban Berdiýew resmi taýdan Azerbaýjanyň «Turan» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Taraplaryň degişli ylalaşyga gol çekendiklerini klubuň sport direktory Samed Nasibow habar berdi.

Berdiýew bilen baglaşylan şertnama häzirlikçe iki ýyllyk bolup, ýene bir möwsüm uzaldylyp bilner.

«Ilkibaşda biz onuň bilen bir ýyllyk şertnama baglaşyp, ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligini hödürlemek isledik. Muňa garamazdan, gepleşikleriň barşynda ylalaşygyň möhleti üýtgedi.
«Turan» Gurban Berdiýewiň işini öwrendi we biziň klubumyz bu hünärmen bilen uzak möhletleýin taslamalary amala aşyryp biler. Biz Gurban Bekiýewiçiň öňünde möhüm maksatlary goýduk. Şolaryň ilkinjisi toparyň Azerbaýjanyň çempionatynda şowly çykyş etmegi we Konferensiýalar ligasynda degişli tapgyra düşmegi bilen baglydyr.    
Tälimçi esasy ünsüni biziň akademiýamyzyň işine gönükdirer. Berdiýew bize täze klub gurmaga we toparyň geljekki üstünlikleri üçin pugta binýat döretmäge kömek eder» — diýip, «Turanyň» sport direktory Samed Nasibow belledi.  

«Turan» Azerbaýjanyň çempionatynyň geçen möwsümini altynjy orunda tamamlady.
Türkmen hünärmeni «Rubin» bilen iki gezek Russiýanyň çempiony bolupdy. 2023-nji ýylyň tomsundan Mahaçkalanyň «Dinamo» toparyny türgenleşdirip başlady. Şu ýylyň fewralynda bolsa öz islegi bilen klubuň baş tälimçisi wezipesini terk etdi we möwsümiň ahyryna çenli toparyň prezidentiniň geňeşçisiniň wezipesini ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, «Dinamo» 2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Birinji ligada ikinji orny eýeledi we taryhynda ilkinji gezek Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş etmäge ýollanma gazandy.


düýn 22:49
3.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......