Aýa ýalandan gonuşyň surata düşürilişi baradaky filmiň treýleri çykdy

  • 23.06.2024 18:09
  • 19k+

Sony Pictures Entertainment studiýasy baş keşpleri Skarlett Ýohanssonyň we Çenning Tatumyň ýerine ýetirmeginde “Maňa Aýy görkez” («Покажи мне Луну», “Fly me to the moon”) komediýa filminiň treýlerini hödürledi. Filmiň wakasy 1960-njy ýyllarda, SSSR bilen ABŞ-nyň arasyndaky kosmos ýaryşynyň güýjän döwründe ýaýbaňlanýar diýip, RBK ýazýar.

Filmiň sýužeti Ak öýüň hakyky missiýa şowsuz bolan ýagdaýynda, ätiýaçlyk edinip, ýalandan Aýa gonuşy surata düşürmek kararyna gelşi barada gürrüň berýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmek üçin professional marketolog (Ýohansson) we uçuryş boýunça menejer (Tatum) işe çekilýär. Sýužet boýunça, olaryň arasynda roman döreýär.
“Maňa Aýy görkez” filminiň režissýory bolup Greg Berlanti çykyş etdi. Ssenariýalary Bill Kirştaýn we Kinen Flinn ýazdy.
Filmiň premýerasy 12-nji iýulda bolar. Soň ol AppleTV+ onlaýn kinoteatrynda elýeterli bolar.


şu gün 08:41
487

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......