Huawei 18 günde 10 müňden gowrak Aito M7 Ultra satyp, rekord goýdy

  • 23.06.2024 15:11
  • 7.8k+

Huawei kompaniýasy Aito M7 Ultra gibrid krossowerleriniň rekord mukdarda iberilendigini habar berdi. Satuw başlaly bäri ilkinji 18 günde 10 000-den gowrak awtoulag iberildi, bu täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtoulaglar üçin rekord görkeziji diýip, IXBT ýazýar.

 

Bahasy 40 000 - 45 600 dollar aralygyndaky täzelenen Aito M7 Ultra iýun aýynyň başynda Hytaýda satuwa çykaryldy. Munuň bar bolan modeliň täze wersiýasydygyna we düýbünden täze awtoulag däldigine garamazdan, Huawei önümçiligi rekord mukdara ýetmegi başardy. Deňeşdirip aýdanymyzda, Xiaomi-ä 10 müň awtoulag satmak üçin bir aý wagt gerek boldy.
Aýratyn beýanatda Huawei eýýäm täze rekord goýmagy wada berdi: 20 günde 30 000 ulag.
Aito M7 Ultra gowulandyrylan salony, daşky dizaýny we sürüjä kömegiň giňeldilen mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Hususan-da, ulag kesgitleýiş aralygy 250 m bolan döwrebap lidar, üç sany millimetrlik diapazonly radar, 11 sany ýokary durulykdaky kamera we 12 sany ultrases radary bilen enjamlaşdyrylandyr. Aito M7 Ultra-niň 5 we 6 orunlyk görnüşleri bar we iň ýokary tizligi sagatda 190 km bolan gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Krossower yzky tigri ýa-da ähli tigirleri hereketli bolup biler. Birinji ýagdaýda aralyk arassa elektrik energiýasynda 240 km we doly bakly benzin bilen bolsa 1300 km, ikinjisinde bolsa degişlilikde 210 we 1250 km. Şol bir wagtyň özünde 100 km / sag tizlige çykmak üçin degişlilikde 7,8 we 4,8 sekunt gerek bolýar.

Iň iri ýerli sosial ulgam bolan Weibo-nyň ulanyjylarynyň pikirine görä, Aito M7 Hytaýda 2023-nji ýylyň awtoulagy boldy.


16.06.2026 07:52
4.1k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......