NVIDIA iki günde $200 mlrd ýitirip, iň gymmat kompaniýalaryň sanawynda aşak düşdi

  • 22.06.2024 22:06
  • 7.9k+

NVIDIA çip öndürijisiniň bazar bahasy iki günde 200 mlrd dollardan gowrak peseldi. Bu barada Bloomberg habar berýär. Netijede, kompaniýa dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawynda üçünji orna düşüp, öňdebaryjylygy Microsoft bilen Apple-e berdi.

NVIDIA-nyň paýnamalary 21-nji iýunda geçirilen söwdanyň dowamynda 2,42% ($127,62 çenli) arzanlady, kompaniýanyň bazar bahasy bolsa 3,167 trln dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde, Microsoft-yň paýnamalary 0,69% ($448,81 çenli) ýokarlandy, kompaniýanyň bazar bahasy bolsa 3,337 trln dollara ýetdi. Apple-iň paýnamalary 210,36 dollara çenli ýokarlandy, ösüş 0,32% boldy. Kompaniýanyň bazar bahasy 3,24 trln dollara barabar.
AJ Bell-iň maýa goýum müdiri Rass Mold NVIDIA-nyň paýnamalarynyň pese gaçyşynyň kompaniýa meseleleri bilen baglanyşykly däldigini, onuň fond bazarynyň adaty üýtgemeleriniň netijesidigini belleýär.
Bloomberg bahalaryň peselmeginiň fýuçers we opsion şertnamalaryň köpüsiniň möhletiniň gutarýan döwründe amerikan bazarynyň umumy pese gaçyşynyň esasynda bolýandygyny belleýär.
Şu hepdäniň başynda NVIDIA dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolupdy.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......