Nvidia Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

  • 19.06.2024 23:42
  • 5.1k+

Amerikan çip öndürijisi Nvidia dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Şu hepde Nvidia-nyň ösüşi iň ýokary derejesine ýetdi: 3,34 trln dollar bazar bahaly kompaniýa bahasy 3,32 trln dollar bolan Microsoft-dan öňe geçdi.
Ýylyň başyndan bäri Nvidia-nyň paýnamalary 181% ýokarlandy, ýagny kompaniýanyň bahasyna şu ýylyň dowamynda 2 trln dollardan gowrak mukdar goşuldy.
Häzirki tendensiýalaryň esasynda Barron’s analitikleri Nvidia-nyň 4 trln dollar görkezijisinden ilkinji bolup geçmek üçin ähli mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler. Kapitalizasiýasyny 2 trln dollardan 3 trln dollara çenli artdyrmak üçin kompaniýa üç aý gerek boldy. Deňeşdirsek, munuň üçin Apple 719 söwda gününi, Microsoft 650 gün sarp etdi.
Navellier & Associaties maýa goýum kompaniýasy Nvidia-nyň bazar bahasynyň eýýäm şu ýyl 4 trln dollara ýetmegine, indiki ýyl bolsa 5 trln dollardan geçmegine garaşýar.
Nvidia emeli aň tehnologiýasynyň iň uly peýdalanyjysy hasaplanýar, ol maglumat merkezlerine emeli aň programmalary üçin zerur bolan çylşyrymly hasaplaýyş ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýän mikroshemalary bilen bazarda agalyk edijidir.


20.06.2025 17:35
2.8k+

Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder...

04.06.2025 13:43
1.5k+

Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi. CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy...

11.04.2025 16:13
5.7k+

Apple iň gymmat kompaniýa adyny gaýdyp aldy, Maskyň baýlygy bolsa bir günde 36 mlrd dollar artdy

9-njy aprelde Apple kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 15% ýokarlandy – bu 1998-nji ýyldan bäri iň uly bir günlük ösüş boldy. Muňa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Wýetnam, Hindistan we Tailand ýaly Apple kompaniýasynyň...

09.04.2025 16:15
4.3k+

Microsoft Apple-dan geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy

Apple-yň paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi, Microsoft-a dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmaga mümkinçilik berdi. «CNBC-niň» maglumatlaryna görä, soňky dört söwda sessiýasynyň dowamynda Apple-yň paýnamalarynyň...