Nvidia Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

  • 19.06.2024 23:42
  • 5.2k+

Amerikan çip öndürijisi Nvidia dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Şu hepde Nvidia-nyň ösüşi iň ýokary derejesine ýetdi: 3,34 trln dollar bazar bahaly kompaniýa bahasy 3,32 trln dollar bolan Microsoft-dan öňe geçdi.
Ýylyň başyndan bäri Nvidia-nyň paýnamalary 181% ýokarlandy, ýagny kompaniýanyň bahasyna şu ýylyň dowamynda 2 trln dollardan gowrak mukdar goşuldy.
Häzirki tendensiýalaryň esasynda Barron’s analitikleri Nvidia-nyň 4 trln dollar görkezijisinden ilkinji bolup geçmek üçin ähli mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler. Kapitalizasiýasyny 2 trln dollardan 3 trln dollara çenli artdyrmak üçin kompaniýa üç aý gerek boldy. Deňeşdirsek, munuň üçin Apple 719 söwda gününi, Microsoft 650 gün sarp etdi.
Navellier & Associaties maýa goýum kompaniýasy Nvidia-nyň bazar bahasynyň eýýäm şu ýyl 4 trln dollara ýetmegine, indiki ýyl bolsa 5 trln dollardan geçmegine garaşýar.
Nvidia emeli aň tehnologiýasynyň iň uly peýdalanyjysy hasaplanýar, ol maglumat merkezlerine emeli aň programmalary üçin zerur bolan çylşyrymly hasaplaýyş ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýän mikroshemalary bilen bazarda agalyk edijidir.


03.03.2026 13:28
649

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.6k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
959

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

26.01.2026 21:51
1.6k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi...