Ýagşymyradowyň PFL-de indiki garşydaşy belli boldy. Söweş 16-njy awgustda bolar

  • 22.06.2024 19:08
  • 27k+

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy awstraliýaly Rob Wilkinson bolar. Agyr agramda PFL-iň Gran-prisiniň ýarym finalynyň çäklerinde geçiriljek söweş 16-njy awgustda bolar.

Şenbe güni Solt-Leýk-Sitidäki (Ýuta ştaty, ABŞ) ýaryşda 32 ýaşly Wilkinson amerikaly Joş Silweýrany emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňdi. Ol professional karýerasynda 19 ýeňiş gazandy we iki ýeňlişe sezewar boldy.
Şol ýaryşda 35 ýaşly Ýagşymyradow Kamerunyň wekili Simon Biýongdan üstün çykdy. Türkmen söweşijisiniň hasabynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Gran-priniň beýleki bir ýarym final söweşinde amerikaly Impa Kasanganaý (17-4) şu gün Wilkinsondan ýeňlen Joş Silweýra (13-3) bilen duşuşar. Kasanganaý ýarym finala sloweniýaly Jeýkob Nedony ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmek bilen çykdy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......