Döwletjan Ýagşymyradow ýeňdi. Türkmen söweşijisi birinji raundda söweşi tamamlady

  • 13.04.2024 08:23
  • 42k+

Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) geçirilen PFL 2 ýaryşynyň çäklerinde Türkmenistandan Döwletjan Ýagşymyradow bilen Sloweniýanyň wekili Jeýkob Nedonyň arasynda ýarym agyr agramda bolan söweş tamamlandy.

Türkmen söweşijisi birinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazandy.
34 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow professional rekordyny 22-nji ýeňşe çenli ýetirdi, şeýle-de onuň hasabynda ýedi ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. Bu söweşijiniň Bellator-yň PFL amerikan ligasy bilen birleşmeginden bäri ilkinji söweşidir.
Nedo üçin bu professional karýerasynda ikinji ýeňliş boldy. Mundan öň ol yzygider sekiz söweşde ýeňiş gazandy (hemmesi wagtyndan ir), diňe özüniň ilkinji söweşinde ýeňlişe sezewar boldy.


22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......