Gün 20 minut dowam eden güýçli M derejeli alawy çykardy

  • 22.06.2024 19:58
  • 14k+

Günüň üstünde M5.8 derejeli alaw hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU "IPG") salgylanýan TASS habar berýär.

20 minut dowam eden alaw 21-nji iýunda Aşgabat wagty bilen ir sagat 04:16-da 3719 tegmiller toparynda bolup geçdi.
Ondan öň Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň  Sibir bölüminiň Gün-Ýer fizikasy institutynyň alymlary uly 3712 sebitiň golaýynda 3 713 belgili ikinji işjeň merkeziň döremegi bilen şertlenýän Gün alawlarynyň döremeginiň ýokary ähtimallygyny habar beripdiler.
Gün alawlary, rentgen şöhleleriniň kuwwatyna görä, bäş topara bölünýär: A, B, C, M we X. Alawlar, adatça, Ýere ýetip, magnit tupanlaryny döredip bilýän Gün plazmasynyň zyňylmagy bilen utgaşýar.
11-nji maýda Günde bolup geçen güýçli plazma zyňylmalarynyň 2005-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde iň güýçli magnit tupany bolup, G5-iň aşa güýçli derejä ýetendigini ýatladýarys.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...