Marsda ses nähili ýaňlanýar? Alymlar Gyzyl planetada sesiň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdiler

  • 22.06.2024 18:58
  • 8.1k+

Perseverance Mars roweri tarapyndan toplanan maglumatlary öwrenmek bilen, alymlar Gyzyl planetada sesiň häsiýetleri barada birnäçe geň galdyryjy açyşlary etdiler. Görlüp oturylsa, Marsdaky ses Ýerdäkiden düýpgöter tapawutlanýan eken. Bu planetanyň täsin atmosferasy bilen baglanyşyklydyr diýip, IXBT ýazýar.

Barlagçylar atmosferanyň temperaturasy, basyşy we himiki düzümi baradaky maglumatlary ulanyp, Marsyň atmosferasynyň ilkinji 20 metrinde sesiň ýaýraýyş we peseliş tizligini öwrendiler. Olaryň döreden modeli ýylyň islendik paslynda we günüň islendik wagtynda Marsyň dürli nokatlarynda sesiň nähili ýaýraýandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär.
240 gersden pes sesleriň (takmynan, fortepianonyň orta notasy) Marsda sekuntda has ýokary seslere garanda 10 metr haýal ýaýraýandygy bellendi. Sebäbi Marsyň  atmosferasynyň 95% -ini emele getirýän kömürturşy gazy pes ýygylykdaky sesleriň energiýasynyň bir bölegini özüne siňdirýär.
Ýagny, sesiň tizligi günüň dowamynda üýtgäp durýar: temperatura näçe ýokary bolsa, şonça-da ses çaltlaşýar. Mundan başga-da, sesiň ýaýraýyş we peseliş tizligi planetanyň käbir landşaftlarynda atmosferadaky CO2-iň konsentrasiýasyna baglydyr.
Bu açyşlar geljekde Marsa, esasanam ekipažyň gatnaşmagyndaky missiýalar üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Olar Marsda sesiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan täze aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýarlar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....