Jeep, Chrysler, Dodge we Ram awtoulaglarynyň 1,6 million sanysy yzyna çagyrylýar

  • 22.06.2024 18:30
  • 3.6k+

Stellantis yzy görkezýän kameralarda ýüze çykan näsazlyklar sebäpli 1,6 milliondan gowrak Jeep, Chrysler, Dodge we Ram ulaglarynyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Carscoops-yň habar bermegine görä, mesele yzy görkezýän kameranyň şekili dogry görkezmegine päsgel berip biljek ýalňyş programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly.

Yza çagyryş 2021-2023-nji ýyllaryň Chrysler Pacifica modellerine, 2021-nji we 2022-nji model ýylynyň Dodge Durango-syna, şeýle hem 2022-2023-nji ýyllaryň Jeep Compass, Wagoneer we Grand Wagoneer modellerine we 2021-2023-nji ýyllaryň Grand Cherokees-ine degişlidir. Şeýle hem sanawda 2022-nji model ýylynyň Ram 1500, 2500 we 3500-i, 2022-2023-nji ýyllaryň Promaster awtoulaglary bar.
Kameranyň programma üpjünçiliginiň simsiz täzelenip biljekdigi bellendi. 735 000-den gowrak awtoulag eýýäm täzelenmäni aldy. Agzalan ulaglaryň eýelerine NHTSA.gov saýtyndaky VIN-kody ulanyp, meseläni barlamak ýa-da has giňişleýin maglumat üçin ýerli söwda dellallaryna ýüz tutmak maslahat berilýär.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....