Suwhan Öwezgeldiýew söweş sambosy boýunça Ulan-Udede geçirilen Gran-pri ýaryşynda çempion boldy

  • 22.06.2024 18:09
  • 15k+

Aşgabat şäher prokuraturasynyň işgäri Suwhan Öwezgeldiýew Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde geçirilen söweş sambosy boýunça halkara Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyna eýe boldy. Türkmen türgeni 88 kilogram agram derejesinde finalda russiýaly Iwan Intýuhowy ýeňip, şeýle üstünlik gazandy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda geçirilen Gran-pri ýaryşa 8 ýurtdan – Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 14 türgen gatnaşdy.
Häzirki Gran-pri ýaryşyň esasy aýratynlygy türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykdylar we ýeňijiler çempionlyk guşagyndan başga-da pul baýragyna mynasyp boldular.
Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşini ýaýmak we türgenlere goldaw bermek maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......