Türkmenistan we Çehiýa bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiliklerini öwrener

  • 22.06.2024 17:42
  • 1.9k+

20-nji iýunda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - A.Gurbanowyň kärdeşi Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar bolan türkmen-çeh ylalaşyklarynyň üstünde durup geçip, bilelikdäki şertnama-hukuk binýady bilen baglanyşykly meselelere garadylar.
Duşuşygyň dowamynda söwda dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energetika, ulag infrastrukturasy, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çehiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-spikeri Ýan Bartoşekiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen-çeh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.
Şeýle hem, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýurtlaryň ygrarlylygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek we bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.
Bilelikdäki sergileri, festiwallary we Medeniýet günlerini guramak, şeýle hem döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......