BAE-niň ilçisi bilen «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 22.06.2024 17:26
  • 1.6k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Söwda-senagat edasynyň saýtynda habar berilýär.

Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, iki döwlet ýangyç-energetika, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.
Iki dostlukly döwletiň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda yzygiderli esasda geçirilýän işewürlik maslahatlarynyň, özara duşuşyklaryň türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Taraplaryň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda geçiriljek nobatdaky işewürlik forumy hem gyzyklanma bildirilýän ugurlarda iki ýurduň edara-kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....