“Tapmaça 2” multfilmi 295 million dollar gazanyp, daşary ýurtlarda rekord goýdy

  • 22.06.2024 17:21
  • 2.4k+

Pixar studiýasynyň “Tapmaça 2” (“Головоломка 2”) multfilmi dünýä prokatynda oňyn netijeleri görkezip, jemi 295 million dollar gazandy. Film animasiýa lentalary üçin täze rekord goýdy, ilkinji hepdesinde daşary ýurtda 140 million dollar gazanyp, “Doňan ýürek 2-den” (“Холодное сердце 2”) (135 million dollar) geçdi.

ABŞ-da ol 155 million dollar gazanyp, “Super maşgala 2-den” (“Суперсемейка 2”) (182,6 million dollar) soň iň uly açylyş hepdeligi bolan ikinji animasiýa taslamasyna öwrüldi.
Bütin dünýäde “Tapmaça 2” 2024-nji ýylda “Godzilla we Kong” (“Годзилла и Конг”) (194 million dollar) we “Dýuna 2”-den (“Дюна 2”) (182,5 million dollar) öňe geçip, kassa ýygymynyň lideri boldy.
“Tapmaça 2-niň” sýužeti ýetginjeklik döwrüni başdan geçirýän Raýliniň kellesindäki duýgulara gönükdirilýär. Filmiň režissýory – Kelsi Mann.
Ilkinji “Tapmaça” 2015-nji ýylda çykdy we ilkinji hepdesinde 130 million dollar gazandy, filmiň umumy kassa ýygymy 858 million dollar.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......