“Ýedi Patyşalygyň rysary”: HBO “Tagtlaryň oýnunyň” täze spin-offuny surata düşürip başlady

  • 21.06.2024 15:04
  • 11k+

Belfastda (Demirgazyk Irlandiýa) “Tagtlaryň oýny” teleserialynyň («Игра престолов») täze spin-offunyň – “Ýedi Patyşalygyň rysarynyň” («Рыцарь Семи Королевств») surata düşürilişi başlandy. 2023-nji ýylyň aprel aýynda anons edilen taslama ssenariýaçylaryň iş taşlaýyşlary sebäpli yza süýşürilipdi we onuň 2025-nji ýyldan gijä galman çykmagyna garaşylýar diýip, Mail.ru ýazýar.

Sýužet we aktýorlar düzümi gizlin bolup galsa-da, bu ýerde serialyň tehniki tarapy aýratyn gyzyklanma döredýär. “Tagtlaryň oýnunyň” we “Aşdarhanyň öýüniň” («Дома дракона») masştabyny göz öňünde tutsaň (“Tagtlaryň oýnunyň” 8-nji möwsüminiň her bölümi 15 mln dollara, “Aždarhanyň öýüniň” tutuş birinji möwsümi bolsa 200 mln dollara durdy), “Ýedi Patyşalygyň rysarynyň” hem ýörite effektleriň we tehnologiki ýerine ýetirilişiň ýokary derejesi bilen tapawutlanjakdygyny çaklamak mümkin.
Franşizanyň öňki seriallarynda köp sanly tehniki çözgütler ulanyldy. Mysal üçin, “Tagtlaryň oýnunda” aždarhalary döretmek üçin 71 adamyň, şol sanda animatorlaryň, skeletler we yşyklandyryş boýunça hünärmenleriň gatnaşmagy gerek boldy. Soňky möwsümler üçin aždarhalary döreden Pixomondo studiýasy olaryň hereketini mümkin boldugyndan hakyky etmek üçin hakyky jandarlary – hažžyklary, ýarganatlary we guşlary ulandy.
“Wolýum” wirtual studiýasy ilkinji gezek “Aždarhanyň öýünde” Aždarha daşy diwarlarynda sahnalary döretmek üçin ulanyldy. 2000 yşyk diodly ekranlar aktýorlara daşky gurşawy, ýörite effektleri we wirtual bezegleri hakyky wagtda görmäge mümkinçilik berdi. Bu tehnologiýa geljekde adaty hromakeýden (ýaşyl fon) ýüz öwürmäge mümkinçilik berip, standart bolup biler. 


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......