Queen rok-topary aýdym-saz katalogyny Sony kompaniýasyna 1,27 mlrd dollara satdy

  • 21.06.2024 15:01
  • 5.9k+

Queen rok-topary öz aýdym-saz katalogyny satmak barada Sony Music bilen şertnama baglaşdy. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şertnama 1,27 mlrd dollara baglaşyldy, bu hem taryhda şeýle görnüşli iň uly satyn alyş boldy.

Kompaniýa diňe bir aýdymlara bolan hukuklary däl, eýsem merç önümçiligine-de hukugy satyn alýar. Queen-iň şertnama girizilmedik ýeke-täk girdejisi konsertlerden gazanylýan girdeji bolar.
Mundan öňki rekord ylalaşyk 2021-nji ýylda, Brýus Springstin öz katalogyny Sony kompaniýasyna 500 mln dollara satanda bolupdy.
Resminama görä, Queen-iň aýatdaky agzalary – Braýan Meý, Rojer Teýlor, Jon Dikon – we Freddi Merkýuriniň mirasdüşerleri Queen Productions Ltd. kompaniýasynyň deň derejeli paýdarlarydyr. 2022-nji ýylda kompaniýa 52 mln dollar gazandy.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....