BMW täze X3 2025-i hödürledi

  • 21.06.2024 14:12
  • 14k+

BMW 2025 model ýyly üçin täzelenen X3 krossowerini hödürledi. Täze nesil dizaýnda-da, tehniki bölümde-de möhüm üýtgeşmeleri aldy diýip, Auto.ru habar berýär.

Esasy üns M40-yň ornuna gelýän täze M50 modeline gönükdirilendir. Täze model 393 at güýjüni öndürýän we 580 Nm torkly, 48 woltluk ýumşak gibrid ulgamly, alty silindrli 3,0 litrlik içinden otlanýan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle hem awtoulagda uýgunlaşdyrylan amortizatorlar, M Sport tormozlary, 20 dýuýmlyk M tigirler we M Sport arka differensialy bar.
XDrive 30-yň esasy wersiýasy kuwwatyny 255 at güýjüne çenli artdyrýan ýumşak gibrid tehnologiýaly 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendirijini aldy.BMW ýerden beýikligi peseldilen,  koleýasy giňeldilen, kuzowynyň gurluşy bekedilen we podweskasynyň geometriýasy üýtgedilen täze X3-iň has sport häsiýetli bolandygyny aýdýar.

Täze önüm adaty bolmadyk diagonally, goşmaça yşyklandyryşly iri radiator gözenegini we häsiýetli bamperleri aldy. Iň güýçli wersiýasynda goşmaça giň howa girişleri bar, belki-de olar kuwwatly hereketlendirijini has gowy sowatmak üçin gerekdir.
Ulagyň içinde BMW-niň egri ekrany, birleşdirilen maglumat-güýmenje ekrany we gurallar toplumy bilen täzelenen içki dizaýn bar. Bu model “howa boýunça” täzelenmeleri goldaýar we aýdym-saz, wideo, täzelikler, giňeldilen hakykat nawigasiýasy we awtoulag oýunlary üçin amaly programmalara girişi hödürleýär.
“XDrive 30” -yň başlangyç bahasy 49 500 dollar, M50-niňki  bolsa 64 100 dollar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......