«Galkynyş» gaz käninden tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy

  • 21.06.2024 11:47
  • 12k+

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşirinde habar berilýär.

Müdirligiň burawlaýjylary guýynyň buraw işlerini 4 müň 461 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Olar 4 müň 461 — 4 müň 350 metr aralyklardaky gatlaklardan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş gaz guýusy her gije-gündizde iki million kub metrden köpräk tebigy gaz berýär.
Bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde «Galkynyş» gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine gabat gelýän Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.
«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzirki wagtda «Galkynyş» gaz känindäki 260-njy hem-de 265-nji ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......