Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Zimbabweniň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşdy

  • 21.06.2024 09:08
  • 4.3k+

20-nji iýunda Aşgabatda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşdy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, parlamentleriň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....