HumanPlus roboty adamlary synlap bokslamagy we pianino çalmagy öwrendi

  • 20.06.2024 13:02
  • 4.4k+

Stenford uniwersitetiniň inženerleri adamlara seredip täze başarnyklary özleşdirmäge ukyply bolan HumanPlus robotyny işläp düzdüler. Bu barada Inverse ýazýar.

Robota öwrenmek üçin, takmynan, 40 sagat adamlaryň hereketi barada maglumat gerek. Şondan soň HumanPlus hereketi ädimme-ädim ýerine ýetirip biler.
Robot oturdylan kameranyň kömegi bilen hakyky wagtda adamlaryň hereketlerini synlap, olaryň hereketlerine öýkünip biler.
HumanPlus Inspire-Robots-yň manipulýatorlaryny ulanmak bilen Unitree H1 robotynyň esasynda döredildi. Roboty işläp düzmegiň bahasy, takmynan, 107 945 dollar boldy.
Ýatlap geçsek, öň Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask eýýäm geljek ýyl kompaniýanyň zawodlarynda 1000-den gowrak Optimus gumanoid robotlaryny işe girizmek meýilnamalary barada aýtdy.


düýn 16:08
2.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....