Gurban Berdiýew «Dagystanyň at gazanan tälimçisi» adyna eýe boldy

  • 20.06.2024 12:05
  • 9.9k+

Mahaçkalanyň "Dinamo" futbol klubunyň öňki baş tälimçisi, häzirki wagtda bolsa prezidentiniň geňeşçisi Gurban Berdiýew Dagystan Respublikasynyň at gazanan tälimçisi boldy. Bu barada RIA Nowosti sebitiň ýolbaşçysynyň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bu at Berdiýewe, şeýle hem klubuň häzirki baş tälimçisi Hasanbi Bijiýewe berildi.
Berdiýew 2023-nji ýylyň iýul aýynda mahaçkalanyň klubuna geldi. 2024-nji ýylyň fewralynda baş tälimçi wezipesinden aýrylyp, aprel aýynda klubuň prezidentiniň geňeşçisi boldy.
Geçen möwsümiň jemleri boýunça "Dinamo" (Mahaçkala) Russiýanyň premýer-ligasynda (RPL) çykyş etmäge hukuk gazandy. 1927-nji ýylda esaslandyrylan bu klub taryhynda ilkinji gezek ýokary diwizionda çykyş eder.
Mundan öň, Gurban Bekiýewiçiň Azerbaýjanyň Towuz şäherinden "Turan" klubuna ýolbaşçylyk etjekdigi barada habar beripdik. Klubuň wise-prezidenti Ali Balakişiýew türkmen hünärmeni bilen "2+1" shemasy boýunça şertnama baglaşyljakdygyny habar berdi.

«Gurban Bekiýewiç 21-nji iýunda Dagystandan Baku geler. Megerem, şol bada hem gol çekiler. Çünki eýýäm 24-nji iýunda Berdiýew ähli oýunçylary ýygnanyşyga çagyrdy. Ylalaşyk "2+1" shemasy boýunça baglaşylar" diýip, Balakişiýew habar berdi.


düýn 15:42
6.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......